- ESASY HABARLAR, SYÝASAT

Täze uçastok saýlaw toparlary döredildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem täze uçastok saýlaw toparlary döredildi. Olaryň täze düzümi degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan tassyklanyldy we täze döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryna şahsyýetnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalary, şeýle hem raýatlar toparlary ýygnaklarynda saýlaw toparlarynyň düzümine öz wekillerini hödürlediler. Olar ara alnyp maslahatlaşylanyndan soň açyk ses bermek arkaly özleriniň iň mynasyp wekillerini uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlediler. Täzeden döredilen uçastok saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirdiler. Olaryň düzümine dürli ýaşdaky, dürli bilim derejeleri bolan hem-de dürli kärde zähmet çekýän raýatlar girdiler. Olar öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda Lebap welaýatynyň çäginde geçiriljek saýlawlaryň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, demokratik ýörelgelere, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün ederler.

Olar bilen uçastok saýlaw toparlarynyň hukuklary, borçlary we öňde durýan wezipeleri, saýlaw kanunçylygy, şeýle hem uçastok saýlaw toparlarynyň işini has-da kämilleşdirmek barada okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.