JEMGYÝET

Täze türk awiakompaniýasy russiýaly syýahatçylary daşar

Türkiýede Antaliýada durjak «Southwind» atly täze awiakompaniýasy döretdiler, diýip, «Airport Haber»-iň habar  berýändigi barada «mail.ru» ýazýar. Onuň maglumatlaryna görä, daşaýjy «rus bazaryny boş goýmaly däl we bu ýurtdan Türkiýä gelýän syýahatçylarynyň akymyny ýatyrmaly däl».

Awiakompaniýanyň ilkinji gatnawlaryny maý aýynyň ahyrynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. «Southwind» kompaniýasynyň düzüminde bäş sany «Airbus» bar. Olaryň üçüsi giň fýuzelýažly we ikisi dar fýuzelýažlydyr.

Hökümetiň hasaplamalaryna görä, ol şu ýyl 1 million töweregi ýolagçyny gatnadyp biler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: