YLYM WE TEHNIKA

Täze tehnologiýalar uzakdaky söhbetdeşi ýanyňdaky ýaly edip görkezmegi başarýarlar

«Project Starline» atly taslama söhbetdeşiň üç ölçegli modelini döretmäge we «jadyly aýnanyň» kömegi bilen ony ýanyňdaky ýaly edip görkezmäge mümkinçilik berýär, diýip «mail.ru» ýazýar.
«Project Starline» hat-da başga şäherdäki ýa-da ýurtdaky dostlaryň, maşgala agzalaryň we işdeşleriň bilen gepleşen wagtyň olary ýanyňdaky ýaly duýmaklygy üpjün edip biljek apparat we programma üpjünçiligi çygryndaky gazanylanlary içine alýar.
Häzirlikçe taslama uly gurluşdan durýar. Ondaky şekilleri goşmaça äýnek geýmezden görüp bolýar. Gepleşip oturan adam özüniň söhbetdeşini hakyky ululygynda we üç ölçegde edil ýanynda oturan ýaly görýär.
Taslama entek durmuşa doly geçirilmedi. Şonuň üçin hem, häzirlikçe «jadyly aýnanyň» satuwa çykarylmagy barada aýtmakdan irräk. Ýöne «Project Starline» taslamasy «Google»-niň käbir ofislerinde elýeter.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply