BILIM

Täze TDMI-niň mümkinçilikleri: 2000 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, 1000 orunlyk naharhana we beýlekiler

Türkmenistanyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy talyp ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bu toplumda dolandyryş-okuw binasy bilen birlikde 700 orunlyk we 200 orunlyk mejlis zallary, fakultetler üçin iki sany okuw binasy ýerleşýär.
Şeýle hem taslamanyň çäginde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, 1000 orunlyk naharhana, 700 orunlyk kitaphana, 500 orunlyk stadion, sport zaly hem-de 3 sany sport meýdançasy göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da hojalyk maksatly we hyzmat binalary ýerleşdirilip, toplumyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga beriljekdigi nygtalýar.