JEMGYÝET

Täze ştamm 2021-nji ýylyň Uniwersiadasynyň ýatyrylmagyna sebäp boldy

Şweýsariýanyň Lýuserninde geçiriljek 2021-nji ýylyň Uniwersiadasy koronawirusyň täze ştammynyň peýda bolandygy sebäpli ýatyryldy. Bu barada «ТАСС» ýazýar.

Geçen anna güni Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Afrikanyň günortasynda koronawirusyň ýüze çykarylan «В.1.1.529» ştammyny «omikron» diýen grek harplary bilen belledi. Onuň görnüşleriniň köp sanly mutasiýalary bar, käbirleri BSGG-ni ynjalyksyzlandyrýar.

Lýusernedäki gyş Uniwersiadasy 11-nji dekabrdan 21-nji dekabr aralygynda geçirilmelidi. Indiki Uniwersiada 2023-nji ýylda amerikanyň Leýk-Plesidesinde bolar. Şol ýylyp awgustynda Ýekaterinburgda tomus Uniwersiadasyny geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: