YLYM WE TEHNIKA

Täze smartfon «Nubia Red Magic 7» rekord goýdy

«Nubia Red Magic 7» smartfony 1 101 769 ball adly. Gyzyklanma döredýän bu täzeligi «GizChina» neşiri çap etdi, diýip «mail.ru» ýazýar.

Enjam bilen resmi tanyşdyrlyş Hytaýda fewralda bolup geçer diýlip garaşylýar. Ol dünýä bazaryna birazajyk soňurak çykarylar. Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, bu 2022-nji ýylyň martynda bolup geçer.

Smartfon iň täze «Snapdragon 8 Gen 1» çipsetinde işlär. Onuň 16 GB operatiw ýada we 512 (käbirleri 1 TB-li görnüşine hem garaşýarlar) girizilen ýadynyň bolmagyna garaşylýar. Oýun flagmanynyň bahasy entek belli däl.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: