Täze saýýara tapyldy
Astronomlar Ýer şarynyň ululygy ýaly ýene-de bir täze saýýaranyň bardygyny anykladylar. Täze ekzosaýýara gyzyl karlik ýyldyzynyň daşynda ýerleşendir.
«SPECULOOS-3 b» diýlen at bilen bellige alnan täze saýýara öz ýyldyzynyň daşynda 17 sagatda bir gezek aýlaw edýär.
Bu ýyldyz Günden 2 esseden hem gowrak sowuk, emma ululygy boýunça ondan kiçidir. Astronomlaryň halkara toparynyň wekilleri dünýäniň köp ýerinde ornaşdyrylan teleskoplaryň maglumatlaryny jemlemegiň hasabyna asman jisimlerini öwrenmegi üstünlikli dowam edýärler.