BIZE YAZYARLAR

Täze sanly hyzmat ýola goýuldy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gümrük ulgamy döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşary ykdysady işiň ösdürilmegine ýardam berýän amatly şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan häzirki wagtda telefon arkaly, onlaýn sorag-jogap hyzmatynyň ýola goýulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmat daşary söwda gatnaşyklaryna gatnaşýan şahslaryň, şeýle-de gümrük serhedinden geçýän ýa-da geçmegi meýilleşdirýän raýatlaryň gümrük işi babatdaky soraglaryna şol pursatda jogap almaga giň mümkinçilik döredýär.
Onlaýn hyzmatyň çäklerinde harytlar gümrük serhedinden geçirilende ýerine ýetirilýän gümrük amallary, gümrük taýdan resmileşdirmek, tölenilýän gümrük tölegleri, kanunçylykda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler boýunça giňişleýin maglumat berilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň çägine getirilýän awtoulaglara bildirilýän talaplar, olaryň resmileşdirmesi üçin zerur resminamalar, tölegleriň görnüşleri we möçberleri barada hem raýatlar bilen maglumat alyşmaga mümkinçilik döredilýär. Bu hyzmatyň tölegsiz amala aşyrylmagy ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini görkezýär.

Çaryýar TAGANDURDYÝEW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.