• Fri. Sep 18th, 2020

Täze pagta ýygýan kombaýnlar gelip gowuşdy

Aug 11, 2020

Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe Lebap welaýatyna «John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 6-sy gelip gowuşdy. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň üpjünçilik kärhanasyndan berlen habar görä, ýakyn wagtda olaryň ýene-de 44 sanysynyň gelmegine garaşylýar.
Bu kombaýnlar ýetip gelýän pagta ýygymynda daýhanlara ýakyndan ýardamçy bolarlar. Ozal habar berşimiz ýaly, pagta ýygymynda jemi 256 kombaýn işlediler.
Welaýatyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygider berkidilýär. Bulardan başga-da, häzire çenli köpugurly «John Deere» traktorlarynyň 38-si, «Ortman-8375» kysymly kultiwatorlaryň 33-si, gowaça ekijileriň hem 24-si gelip gowuşdy.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: