BIZE YAZYARLAR

Täze ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda uly-uly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli özgertmeleri durmuşa geçirmekde hususy eýeçilikdäki işewürler hem mynasyp iş alyp barýarlar. Döwrebap desgalary gurup, hiç bir ýurduňkydan kem bolmadyk ýokary hilli önümleri öndürýärler. Hususyýetçilerimize biz bu günki gün buýsanýarys.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işewür agzalarynyň bu günki gün dünýä ülňelerine doly gabat gelýän önümlerini öndürýändigine we ýurdymyzyň içerki we daşarky bazarlaryny öz harytlary bilen üpjün edýändigini bellemek diýseň ýakymlydyr.
Edermen türkmen hususyýetçileri häzirki wagtda iň täze tehnologiýalary, innowasion usullary önümçilige batyrgaý ornaşdyrmakda, ak bazarlarymyzyň dürli harytlardan dolup durmagy üçin jan aýaman zämet çekýärler. Munuň şeýledigine toýlary-taoýlara ulaşýan ýurdumyzda yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýän desgadyr zawodlar, wabrikler şaýatlyk edýär. Baýramlar baýramlara ulaşýan diýarymyzda halkyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, ulanylmaga berilýän täze desgalaryň sany barha artýar. Şeýle kärhanalaryň biri hem diýarymyzyň gündogar welaýatynda ýaňy-ýakynda gurlup ulanylmaga berlen Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän, “Täze gurulmaly suwuň basyşyny göterýän bekediň we agyz suw geçirijisiniň” ulanylmaga berilmegidir. Bu desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň işjeň agzasy bolan “Ark” hususy kärhanasynyň edermen gurluşykçylary alyp bardylar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ençeme döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň, desgalaryň gurluşygyny üstünlikli amala aşyran “Ark” hususy kärhanasynyň bu guran desgasy dünýäniň iň soňky innowassion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, şäherimiziň gözel künjekleriniň biri bolan “Parahat” ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün eder. “Ark” hususy kärhanasy özüniň halka hödür edýän gurluşyk desgalarynda dünýäniň iň soňky gazanan tehnikalaryny ulanmak bilen dünýä ülňelerine laýyk gelýän binadyr, desgalary halka hödürleýär. Şeýle-de bu kärhanada ýüzlerçe iş orunlary döredilip, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryna, hünärine laýyklykda iş bilen üpjün edilýär.
Günsaýyn pajarlap ösýän ýurdumyzda edermen hususyýetçilermiz tarapyndan gurulýan şeýle kärhanalaryň işläp başlamagy, halkymyzyň ýaşamak üçin ähli ýeňillikleri döredilen jaýlarda rahat ýaşamagyny, döwrebap kärhanalrda zähmet çekmegini üpjün edýär. Bu zatlaryň ählisiniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Şu şatlykly pursatda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, külli türkmen halkymyzy ýetip gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Güneşli diýarymyzyň ykdysady ösüşiniň barha ýokary galmagynda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrýan, ýurdumyzy ösen döwletleriň derejesine ýetirip, has kuwwatly döwlete öwürmek barada uly aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaçlykara beslensin!

Merdan NOWRUZOW,
Tükmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.