Lebap welaýatynda täze okuw ýylyna badalga beriljek Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň «Alpan» obasynda 400 orunlyk, Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň «Olam» obasynda hem 960 orunlyk ähli amatlyklary bolan, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen umumybilim berýän orta mekdepleriň täze binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berler.
Ozal hem habar berişimiz ýaly, welaýat boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň 396 sanysy bolup, olaryň 4-si mekdep internatlarydyr. Şeýle hem welaýatda çagalar-ýetginjekler döredijilik öýleriniň 18 sanysy hereket edýär.
Şeýlelikde, täze okuw ýylyndan başlap, gündogar sebitdäki umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdep internatlarynyň sany 402-ä ýeter.