JEMGYÝET

Täze okuw ýylynda Lebap welaýatyndaky orta mekdepleriň birinji synpyna geçen ýylkysyndan köp okuwçy barar

Şu ýylyň sentýabr aýynda Lebap welaýatynyň orta mekdeplerine 31 müň 700 töweregi okuwçynyň barmagyna garaşylýar. Bu geçen ýyldakysyndan 1 müň 700 okuwçy töweregi, geçen okuw ýylyny tamamlanlardan bolsa 12 müň 300-e ýakyn köpdür.

Şu günler orta mekdeplerde okuwçylary birinji synpa kabul etmek tamamlanyp barýar. Olar orta mekdepleriň we mekdep internatlarynyň 388-sinde okarlar. Her ýyl bolşy ýaly, birinji synpa barýan oglanlara we gyzlar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler sowgat beriler.

Mekdepler jaýlary täze okuw ýylyna doly taýýar edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: