- BILIM, ESASY HABARLAR

Täze okuw ýyly başlandy

Şu gün ähli mekdeplerde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar bolup geçdi. Olara mugallymlar we okuwçylar bilen bir hatada ýerli hökümetiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we okuwçylaryň ene-atalary gatnaşdylar.

Myhmanlar we mugallymlar okuwçylary durmuşyndaky wajyp waka bilen gutladylar we olaryň gowy bilim almaklaryny, ata-babalarynyň işini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler. Ýaňy birinji synpa gelen okuwçylaryň adyna hem aýratyn mähirli sözler aýdyldy. Olar bu gün bilimler dünýäsine ilkinji ädimlerini basýarlar we bu okuwçylar orta mekdeplerde on iki ýyl bilim we terbiýe alarlar. Dabaranyň medeni çäresinde mekdepleriň çeper höwesjeňler toparlarynyň agzalary özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Joşgunly aýdymlar belentden ýaňlandy, tans toparlarynyň çykyşlary guraldy, edebi-çeper kompozisiýalar görkezildi.

Birinji sapakda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen temada okuw geçirildi. Birinji synp okuwçylary bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan noutbuk sowgat aldylar. Täze okuw ýylynyň birinji güni döwlet Baştutanynyň adyndan birinji synp okuwçylaryna kompýuterleri mugt gowşurmak asylly däpleriň birine öwrüldi. Olary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasynyň esasynda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň ulgamynda hereket edýän «Aýdyň gijeler» hojalyk hasaplaşyk birleşiginde hem-de Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklary ministrliginiň kompýuter tehnologiýalary Merkeziniň «Agzybirlik tilsimatlary» kärhanasynda ýygnadylar. Kärhanalaryň hünärmenleri şu wagta çenli bir ýüz elli dört müňe ýakyn öwrediji kompýuterleri taýýarladylar. Olaryň ýigrimi sekiz müň ýedi ýüzden gowragyny Lebap welaýatynyň birinji synp okuwçylaryna gowşurdylar. Hut şonça okuwçy şu ýyl birinji gezek mekdepleriň bosagalaryndan ätlediler. Täze okuw ýylynda welaýatda hereket edýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlarynyň üç ýüz segsen dördüsinde iki ýüz ýetmiş ýedi müň töweregi okuwçy okaýar.