BILIM

Täze okuw gollanmalary neşir edildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilim işgärleri diňe bir ýaşlara ýokary derejede bilim bermek bilen çäklenmän, döwrüň ösen talaplaryny doly ödeýän okuw gollanmalaryny hem taýýarlamaga gatnaşýarlar. Ýakynda bu baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň awtordaş bolmagynda täze okuw gollanmalarynyň ýene-de ýedisi çapdan çykdy.
«Informatikadan mesele çözmek», «Sanlar dünýäsi», «C++ dilinde programmirlemek», « C++ amaly sapaklarda», « C++ tejribe sapaklarda», «Kömekçi taryh dersleri», «Sözleýiş medeniýeti boýunça amaly ýumuşlar» atly gollanmalar awtorlaryň kärdeşleri we talyplar üçin uly gymmata eýe bolar.