BILIM

Täze mekdebiň açylmagy Çärjew etrabynyň ilatynda uly şatlyk döretdi

Täze mekdebiň açylyş dabarasynda aýdym-saz bilen toý bagy kesilip, ýaşulular ak pata berdiler. Dabaranyň myhmanlary okuw jaýynyň ähli otaglary we desgasy bilen tanyşdylar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda işe girizilen bu bilim ojagy mugallymlaryň hem-de okuwçylaryň işine uly mümkinçilikler açýar.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda täze mekdebiň açylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Oba ýaşaýjylary bu binanyň işe girizilmegini ýaş nesle edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy hökmünde garşyladylar. Okuwçylar täze mekdepde giň şertlerde
okap, giň gözýetimli we belent ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmäge ygrarlydyklaryny bellediler.