JEMGYÝET

Täze läbik sorujy täze enjamlar gelip gowuşdy

«Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň ygtyýaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.
Gidrogurluşykçylar üçin Niderlandlardan satyn alnan täze läbik sorujy enjamlaryň on ýedisi derýanyň hanasyny gyrmançalardan arassalamaga girişdi. Olaryň her biri sagatda 3,5 müň kub metr gyrmançadyr laý çykarmaga mümkinçilik berýär, munuň özi öňki enjamlaryň öndürijiliginden iki esse ýokarydyr.
— Soňky üç ýylda bize Niderlandlarda öndürilen läbik sorujy täze enjamlaryň 70-si gelip gowuşdy. Olaryň aglaba bölegi dizel ýangyjynda, üçden biri bolsa elektrik togunda işleýär — diýip, «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň baş energetigi Omar Berdiýew gürrüň berýär.
«Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň işgärleriniň sazlaşykly işi Amyderýadan suw alnyşyny ygtybarly kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär, onuň möçberi halkara ylalaşyklary bilen düzgünleşdirilendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply