Lebap welaýat kitaphanasyna golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan hem-de «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Okyjylaryň aýratyn guwanan kitaplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseri hem-de «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň iňlis dilindäki neşiri bar.
Şeýle hem Ýazmyrat Mämmediniň «Beýik Seljukly» romanynyň 3-nji jilti, Berdi Kerbabaýewiň goşgular ýygyndysy, Aman Kekilowyň «Söýgi» romany, Gara Seýitliýewiň goşgular ýygyndysy dagy kitaplaryň arasynda ýer aldy. Şeýle-de ýurdumyzyň möhüm kanunçylyk namalaryny öz içine alýan kodeksleriň neşirleri hem kitap gaznasyna goşuldy.
Täze kitaplaryň gowuşmagy welaýatymyzyň okyjylary üçin baý edebi mirasa we hukuk çeşmelerine elýeterliligi üpjün etdi. Olar diňe bir ylmy-amaly taýdan däl, eýsem edebi we medeni taýdan-da ýaşlaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmaga hyzmat eder.
Täze kitaplar okyjylary begendirdi
18
Aug
