Täze kärhananyň gurluşygyna 170-e golaý adam gatnaşdy
Türkmenabat şäherinde düýn açylyp, ulanylmaga berlen Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň 170-e golaýy gatnaşdy. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Guwanç Seýidow «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.
Şeýle hem ol gurluşykda kuwwatly tehnikalaryň 50-den gowragyndan peýdalanylandygyny aýtdy.