DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Täze iPhone-larda gulaklyk we zarýad beriji bolmaz

«Dişlenen almanyň» täze neslinde diňe telefonyň özi bilen USB-C – Lightning görnüşindäki birikdiriji kabel bolar. Gulaklykdyr zarýad beriji bolsa sabyrsyzlyk bilen garaşylýan «iPhone 12-niň» goşhaltasyndan aýrylar.

«Apple» täze telefonyň sentýabr aýynda tanyşdyryljakdygyny, onuň oktýabrda ýa-da noýabrda satlyga çykaryljakdygyny hem habar berdi.

Habarymyzyň ilkinji sözlemleri keýpiňizi gaçyrmasyn! Olaryň ýerine «iPhone» tapgyrynyň 12-nji nesli 5G tizlikli interneti ýaýdanman işleder. Onda OLED ekranlar hem bolar. Özem täze «iPhone» iki görnüşde ― «iPhone 12» we «iPhone 12 Pro» görnüşlerinde hödürleniler. Olaryň birinjisiniň ekrany 6,1, ikinjisiniňki 6,7 dýum bolar.

Eger-de siz «iPhone 11-de» A13Bionic prosessorynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ondan hoşal bolan bolsaňyz, taýýar boluň, «iPhone 12» A14 Bionic bilen gelýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: