YKDYSADYÝET

Täze institutyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär

Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Gurluşykçylar geçen ýylyň sentýabr aýynda badalga berlen gurluşykda eýýäm binalaryň agramly böleginiň boýuny ýetirdiler. Bu ýerde işleýän bir müňe golaý gurluşykçynyň irginsiz zähmeti bilen binalaryň agramly böleginde daşky mermerleri örtmek işlerine girişildi. Okuw binalaryndan başga-da talyplar üçin her biri 360 irunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisiniň boýy eýýäm diklenildi. Şu günler bolsa mugallymlar üçin 12 öýli we talyplaryň ýene-de 200-si üçin saglyk merkezli umumy ýaşaýyş jaýlary salynýar.

Institutyň täze binalar toplumy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylyp, ulanylmaga berilmeli. Ýöne gurluşygyň häzirki depgini işleriň meýilleşdirileninden has çalt alnyp barylýandygyny görkezýär. 20 gektara uzaýan binalar toplumyny «Nahal» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary gurýarlar. Bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan Türkmenabat şäherinde ozal hem welaýat hassahanasynyň, welaýat kitaphanasynyň, welaýat saglygy dikeldiş we okuw-terbiýeçilik toplumynyň, «Bagtyýarlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň binalary gurlupdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: