TÜRKMENISTAN HABARLARY

Täze harby toplumyň düzümine birnäçe durmuş we gulluk desgalary girýär

Lebap welaýatynda gurlan harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumy nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan hem-de gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, toplumda harby gullukçylar üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Dolandyryş binasy döwrebap enjamlardyr howpsuzlandyryş ulgamlary bilen üpjün edilip, onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýär. Şeýle-de binada sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylypdyr.