TÜRKMENISTAN HABARLARY

Täze harby toplumyň açylyşy mynasybetli sowgatlar gowşuryldy

Lebap welaýatynda harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyşy mynasybetli döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan 2026-njy ýylyň şygary ýazylan türkmen halysy sowgat berildi.
Şeýle-de açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Harby gullukçylar döredilýän şertler we edilýän aladalar üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Dabara tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz hemmeleri şanly waka bilen gutlap, bu ýerden ugrady.