Şu gün ― 4-nji dekabrda açylyp, ulanylmaga berlen «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň dolandyryş binasy döwrebap mümkinçiliklere eýe boldy.
Bu binadaky gözegçilik-seljeriş otagynda gümrük nokadyna girýän we çykýan
awtoulag serişdelerine sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge, maglumatlary
dessine seljermäge ähli şertler döredilen. Häzirki zaman aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary ornaşdyrylan gözegçilik-seljeriş otagynda döwrebap monitorlar we beýleki sanly ulgamyň enjamlary, awtoulag serişdeleri we harytlar baradaky maglumatlary seljermäge we gümrük gözegçiligini ygtybarly amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär.
Şeýle-de dolandyryş binasynda kompýuter enjamlary, döwrebap mebelleri we
beýleki zerur bolan serişdeler bilen üpjün edilen birnäçe gulluk iş otaglary hem
ýerleşýär.
Mundan başga-da dolandyryş binasynda 60 orunlyk mejlisler zaly bolup, bu
ýerde ýygnaklary, duşuşyklary, okuw maslahatlaryny we beýleki dürli
köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen.
Täze gümrükhananyň dolandyryş binasy döwrebap mümkinçilikleri hödürleýär
04
Dec
