Täze gümrükhana sanly ulgamyň döwrebap mümkinçiliklerine eýe boldy
Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokady
öz işini indi sanly gümrük ulgamy arkaly amala aşyrýar. Haçan-da awtoulag
serişdesi döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerine gelende gümrük nokadynyň çägine girmezden sanly gümrük ulgamy ýük awtoulagynyň döwlet belgisini, sürüjisini, awtoulagyň aşaky bölegini surata alyp, maglumatlary gümrük nokadynyň dolandyryş binasynda oturdylan uly monitorlara we gümrük hünärmenlere ugradýar. Gümrük işgärleri maglumatlary dessine seljerenden soň, ýükli awtoulaga gümrük nokadynyň çägine girmäge rugsat berýär. Soňra gümrük nokadynyň çägindäki awtoulaglara gümrük barlagy geçirilýän gözegçilik bassyrmalardaky uly elektron monitorlarda ýük awtoulaglarynyň döwlet belgisi we geçmeli tapgyrlary boýunça ugrukdyryjy görkezmeler berilýär. Bu bolsa bu gümrük nokadynyň halkara derejelerine doly laýyk gelýändigini, ähli sanly mümkinçilikleriň döredilendigini, halkara ýük daşaýjylara gümrük barlagyny we resmileşdirmesini örän gysga wagtda ýerine ýetirmegine ähli şertleriň bardygyny görkezýär.
Bu ýerde awtoulagyň we ýüküň agramy sanly ulgam arkaly awtomatlaşdyrylan
terezide ölçenilýär. Bu tapgyr tamamlanandan soň awtoulag serişdesi ýörite
barlag rentgen enjamyndan geçirilýär. Eger-de gözegçilik wagtynda şübhe
döredýän ýük awtoulaglary ýüze çyksa, onda bu awtoulag serişdeleri gümrük
nokadynyň çäginde ýerleşýän ýörite bölüme ugradylyp barlagdan geçirilýär.
Her bir barlag tapgyry boýunça alynan maglumatlar gümrük nokadynyň
dolandyryş binasyndaky Gözegçilik-seljeriş otagynyň maglumatlar goruna we
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasyna optiki süýmli
aragatnaşyk ulgamy arkaly ugradylýar.
Barlag tapgyrlaryna geçmezden öň ýük awtoulagynyň sürüjisi özüniň we ýüküň
giriş-çykyş resminamalaryny gümrük nokadynyň ulag serişdeleriniň we
harytlaryň resmileşdirmesini amala aşyrýan binasynda degişli gulluklaryň
hünärmenlerine tabşyrýar. Gümrük nokadynyň çäginden çykyş böleginde hem
ýük awtoulagynyň aşaky bölegi, döwlet belgisi, sürüjisi gaýtadan surata alnyp,
giriş wagtyndaky suratlar bilen akylly ulgamyň emeli aň enjamy arkaly
awtomatlaşdyrylan seljerme geçirilýär we ýük awtoulagynyň gümrük
nokadyndan ýoluny dowam etdirmäge rugsat berilýär. Awtoulaglar gümrük
nokadyndan çykandan soň barmaly nokadyna çenli gözegçilikde saklanylýar.
Sanly gümrük ulgamy serhet geçelgelerinde ýük awtoulaglaryň gümrük
gözegçiligini we raýatlaryň giriş-çykyş resmileşdirme işlerini tizleşdirmäge
mümkinçilik berer.