Täze gümrük nokadynda ähli gulluklaryň işgärleri döwrebap şertlerde işlär
Döwrebap «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda awtoulaglaryň we harytlaryň girişini we çykyşyny resmileşdirmäge niýetlenen, hersiniň uzynlygy 50 metre deň bolan desgalaryň ikisi guruldy.
Bu desgalarda Döwlet gümrük, serhet we migrasiýa, karantin, weterenariýa,
sanitariýa hem-de Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek
gulluklarynyň hem-de «Awtoulaggözegçilik» kärhanasynyň, bank edaralarynyň
şeýle-de gümrük dellallarynyň işgärleri üçin «Eksport-import amallary üçin bir
penjire» sanly ulgam arkaly resmileşdirme işlerini amala aşyrmaga niýetlenen
döwrebap otaglary ýerleşýär.
Ýurduň serhet-gözegçilik geçiriş ýerlerinde raýatlaryň geçişini sanly ulgam
arkaly hasaba alýan enjam resmileşdirme binasynyň Migrasiýa nokadynda hem
ornaşdyryldy.