JEMGYÝET

Täze gaýtadan işleýän senagat toplumy gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly sişenbe güni geçiren iş maslahatynyň barşynda «Türkmenistan — Owganystan» serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy, diýip, habar business.com.tm berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik etýän orunbasary, hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň ýolbaşçysy Çary Gylyjow Milli Liderimize täze desganyň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdiler

Täze senagat toplumynyň Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: