TÜRKMENISTAN HABARLARY

Täze elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Onuň gurluşygyna 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berilipdi. Desganyň işe girizilmegi ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýene-de güýçlenmegine ýardam berer.
Bu etrabyň çägindäki elektrik stansiýalaryň ikinjisi bolar. Mundan birnäçe ýyl ozal gurluşygy dowam edýän desganyň ýakynynda «Lebap» döwlet elektrik stansiýasy ulanylmaga tabşyrylypdy.
Desganyň gurluşygyny daşary ýurtly kompaniýalaryň gatnaşmaklarynda ýerli hünärmenler alyp barýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply