YKDYSADYÝET

Täze egin-eşik ýuwujy serişdeleriň önümçiligi ýola goýuldy

Bu önümçilik telekeçi Täçmyrat Pinaýewiň hususy kärhanasynda ýola goýuldy. «Altyn gaýa» haryt nyşanly egin-eşik ýuwujy serişdesi elde we awtomatik usulda kir ýuwujy enjamlarda ýuwmak üçin niýetlenendir. Onuň düzümi 5 — 15% anionly ÝIM-den (ýüzleý işjeň maddalardan), silikatlardan, 5%-den az fosfatlardan, enzimlerden, optiki agardyjylardan, hoşboý ys beriji goşundylardan ybarat bolup, dürli reňkli, nah, kendir, emeli, sintetiki we garyşyk matalardan bolan egin-eşikleri ýuwmaga niýetlenendir. Önüm 450 gramlyk kagyz gutulara gaplanýar.

Şonuň ýaly-da, kir ýuwujy serişdäniň gutusynyň içinde alyjylara esasy sowgat hökmünde gymmat bahaly elektrik enjamlary we baýraklar garaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: