JEMGYÝET

«Täze döwür» elektron enjamlaryň onlaýn satuwyny hödürleýär

Türkmenabat şäherinde 20 ýyla golaý wagt bäri hereket edýän «Täze döwür» dükany hem indi harytlaryny onlaýn görnüşde müşderilere hödürleýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berdi.
http://www.tazedowur.com.tm web saýty arkaly welaýatyň ýaşaýjylary onlaýn marketiň
mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler. Onlaýn marketde kompýuter we kompýuter harytlary, POS ulgamynyň abzallary, wideogözegçilik enjamlary, elektron göterijiler, «All in One» enjamlary, ýagny monobloklar, printerler we fakslar, hojalyk enjamlary, awtoulaglar üçin harytlar we başgada birnäçe görnüşli hojalyk harytlary müşderilere hödürlenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: