Täze bioplastik gaplar barada bilýärsiňizmi?
Günorta Koreýanyň Bütindünýä kimçi institutynyň alymlary azyk galyndylarynyň esasynda biologik taýdan dargaýan gaby öndürmegiň tehnologiýasyny döredendiklerini yglan etdiler. Öňdebaryjy tehnologiýa biousuly peýdalanmak arkaly galyndylary gaýtadan işlemäge esaslanýar.
Şonuň netijesinde bioplastige öwrüp bolýan ösümlik garyndysy alynýar.
Alymlar kelemiň galyndylarynyň düzümindäki alma kislotasyna aýratyn ähmiýet
berýärler. Onuň öz-özünden dargaýan tebigy önümi öndürmekde peýdasy
uludyr. Öňdebaryjy tehnologiýa önüm galyndylaryny gaýtadan peýdalanmak bilen
birlikde adaty plastikleriň dünýäniň ekoulgamyna edýän ýaramaz täsirini
azaltmaga-da uly ýardam berer.