Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi jemi 6 sany hereket zolagyndan ybarat bolup, onuň tehniki görkezijileri halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Ýer düşeginiň giňligi 34,5 metre, her tarapdaky hereket böleginiň giňligi bolsa 11,25 metre barabardyr. Ýoluň gurluşygynda ýokary hilli asfalt-beton, sintetik örtükler we torlar ýaly döwrebap serişdeler ulanylyp, olar köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny hem-de mäkämligini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Täze awtobanyň ugrunda sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur bolan ähli amatlyklar, şol sanda dynç alyş ýerleri, ýangyç guýujy beketler we awtoduralgalar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem ýoluň üznüksiz we howpsuz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly ýol hereketine we ulag akymyna sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary bolsa ýol ugrunda ýüze çykyp biljek islendik ýagdaýa gysga wagtyň içinde çäre görmäge doly taýýardyr.
Täze awtoban nähili aýratynlyklara eýe?
11
Apr

