JEMGYÝET

Täze Arkadag şäheriniň edaralaryna we sungat binasyna görnükli şahsyýetleriň artlary dakyldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna görnükli şahsyýetleriň atlary dakyldy.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy we mundan beýläk ol «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi» diýip atlandyrylýar.

Merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Arkadag Binasy» diýlip atlandyrylýar.

Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýlip atlandyrylýar.

Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýlip atlandyrylýar.

Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýlip atlandyrylýar.

Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrmaly.

Welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy» diýlip atlandyrylýar.

Drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry» diýlip atlandyrylýar.

Ýörite sungat mekdebine beýik sungat ussady, halypa bagşy, mukamçy-kompozitor, Ahal bagşyçylyk ýoluny esaslandyryjylaryň biri, Türkmenistanyň halk bagşysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowyň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi» diýlip atlandyrylýar.

Çagalar sungat mekdebine türkmen halkynyň ussat sazandasy, milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Şükür bagşynyň ady dakyldy we ol mundan beýläk «Şükür bagşy adyndaky Ahal welaýat çagalar sungat mekdebi» diýlip atlandyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: