YLYM WE TEHNIKA

Täze «Apple Watch» sagady biraz ulaldy

«Bloomberg» -iň mehur insaýderi (haýsy hem bolsa bir toparyň köpçülige elýeter bolmadyk maglumaty alyp bilýän agzasy) Mark Gurman «Apple»-niň täze sagadynyň — «Apple Watch Series 7»-niň häsiýetleri barada gürrüň berdi. Onuň beren maglumatlaryna görä, sagat iki — ozalky 40 we 44 millimetrlikleriň deregine 41 we 44 millimetrlik görnüşlerinde çykarylar.

Ekranynyň aýdyňlaşdyryşy 396 х 484 piksele çenli bolar. Şonuň ýaly-da, Gurman ekranda köp maglumatyň ýerleşdiriljekdigini aýtdy. «Apple Watch» hepdäniň gününi, howanyň ýylylygyny we saýlanyp alnan goşundynyň ýarlygyny görkezer. Ondan başga-da, öňki sagatlaryň kemerjigi oňa laýyk bolmaz, diýip insaýder habar berdi.

Soňky üç ýylyň dowamynda «Apple» «Apple Watch» sagadynyň göwrümini ikinji gezek uzaldýar. Birinji gezek 20180-nji ýylda «Apple Watch Series 4» sagadyň göwrümi uzaldylypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: