YLYM WE TEHNIKA

Täze «akylly» äýnekleriň aýnalaryny smartfonuň kömegi bilen agardyp ýa-da garaňkyradyp bolýar

«Ampere» tehniki startapy smartfonyň goşundysyndaky bir düwmäni basyp, günden goraýan äýnegiň aýnasyny agartmagy we garaňkyratmagy öwretdi. Onuň has gymmat bahaly görnüşleriniň jaň etmek üçin dinamigi we mikrofony hem bar, diýip «mail.ru» ýazýar.
Ýagtylyga laýyk görnüşini üýtgedýän fotohrom aýnaly klassyky äýneklerden tapawutlylykda «Dusk» äýneklerinde elektrohrom aýnalar oturdylan. Olar elektrik duýduryşyna laýyklykda agarýarlar ýa-da garaňky reňki alýarlar.
Äýnegi gulaga ildirilýän egremçede oturdylan düwmäni basyp hem garaňkyradyp bolýar. Ýöne, onuň kömegi bilen görnüşi diňe üç derejede üýtgetmek mümkin. Garaňkyratmagy has takyk dolandyrmak üçin goşundydan peýdalanmaly. Ol garaňkyratmagyň derejesini 0-dan 100%e çenli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Öndürijiler garaňkyratmagyň 0,1 sekundda bolup geçýändigini belleýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply