Lebaba 2025-nji ýylyň ilkinji gary gelýär. Şu gün ― 8-nji fewralda uzyn günläp dowam eden
gar gatyşykly ýagyşly ýekşenbe we duşenbe günleri dolulygyna gara öwrüler.
«Weather.com» web saýty Türkmenabat şäheriniň mysalynda ertir ― 9-njy fewralda üýtgäp
durýan bulutly howanyň boljakdygyny, ýöne ýagynyň ýagmajakdygyny. Esasy gara duşenbe
güni ― 10-njy fewralda garaşylýandygyny görkezýär. Çeşmäniň görkezmegine görä, duşenbe
güni howa gündiz -1 gradusa çenli düşer.
«Ýandeks» bolsa ýekşenbe gününde-de gar görkezýär. Şeýle hem çeşme garly howanyň sişenbe güni hem biraz dowam etjekdigini aýdýar. Ýöne bu ýerde-de esasy gara duşenbe güni garaşylýar.
«Meteonowosti» saýtyna görä hem ertir ― 9-njy ferwalda gar ýagmaz. Ýöne duşenbe güni täze ýylyň ilkinji gary düşer.
Umuman, taýýar boluň! Lebabda garly günler. 2025-nji ýylyň ilkinji garyndan lezzet alyň!
Taýýar boluň: Lebaba 2025-nji ýylyň ilkinji gary gelýär

08
Feb