TÜRKMENISTAN HABARLARY

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi

Şu gün, 26-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin sapar bilen Aşgabada geldi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: