Türkmenabat şäher Medeniýet öýünde işjeň partiýa agzalarymyzyň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda ýetilen belent sepgitleri wagyz etmek maksady bilen maslahat geçirdik.
Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň azyk bolçulygyny yzygiderli üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän döwletli işler dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Asuda durmuşy, eşretli zamanany halkyna peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan alkyş sözleri bolsa, buýsanjyň, begenjiň, ýürek joşgunyň al-asmana dolup ýaňlanmasy boldy.
Enejan ALYMOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Türkmenabat şäher komitetiniň hünärmeni.
