BIZE YAZYARLAR

Täsirli geçen himiýa hepdeligi

Ýaňy ýakynda Darganata etrabynyň 10-njy orta mekdebinde himiýa hepdeligi geçirilidi. Hepdeligiň dowamynda mekdepde bir hepdäniň dowamynda dürli çäreler, bäsleşikler, sergiler, okuw sapaklary, okuw maslahatlary guraldy. Bu geçirilen himiýa hepdeligine etrabyň başga mekdeplerinden Himiýa dersinden
okatýan mugallymlar we okuwçylar gatnaşdy. Hepdeligiň birinji gününde mekdep müdiriniň, mugallymlaryň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyndan soň hepdelige gatnaşyjylar himiýa degişli guralan sergilere syn etdiler. Himiki abzallary ulanyp mekdep okuwçylary dürli himiki birleşmeleri geçirip görkezdiler. Hepdeligiň dowamynda “Syrly himiýa”
diýilip atlandyrylan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda sorag-jogap bäsleşigi guraldy. Bäsleşikde orun alan okuwçylara mekdep müdiri tarapyndan hormat hatylar we gymmat bahaly sowgatlar gowşyryldy. Bäsleşigiň çekeleşikli geçmegi hepdeligiň has-da täsirli bolmagyna getirdi.
Okuwçylaryň nazary alan bilimlerini tejribede synap görmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde himiki reaksiýalary görkezilişi boldy.
Hepdeligiň dowamynda “Türkmenistanyň tebigy baýlyklary” diýlip atlandyrylan okuw maslahaty geçirildi. Maslahatdaçykyş edenler ýurdumyzyň tebigy baýlyklary, olaryň ýerleşýän ýerleri, dag-magdan gorlary barada täsirli we gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler.
Mekdebimizde himiýe dersine degişli dürli gurnaklaryň hereket etmegi, himiýa hepdeliginiň geçirilmegi okuwçylaryň bu derse bolan söýgüsini has-da artdyrdy.
Bize şeýle ajaýyp zamanada işlemäge, okatmaga, döretmäge şert döredip berýän Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Jahan BERDIÝEWA,
Darganata etrabyndaky 10-njy
orta mekdebiň Himiýa mugallymy