Täsirli geçen çäre
Kerki etrabyndaky 8-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli
jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Kerki etrabyndaky şahamçasynyň
guramagynda maslahat geçirildi. Oňa bilim işgärleri we mekdep okuwçylary
gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýüze çykmagy mümkin bolan adatdan daşary
ýagdaýlarda edilmeli işler we olaryň öňüni almagyň ýollary barada gürrüň edildi.
Ýer titremesi, suw joşmasy we ýangyn hadysalary ýüze çykanda olaryň öňüni
almak hakyndaky söhbetler bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri
galdyrdy.
‘’Saglyk’’ döwlet maksatnamasyna esaslanyp, ilatyň arasynda keselleriň öňüni
almak we adamlaryň kesellere garşy göreşmek ukybyny ösdürmek maksady bilen
geçirilen okuwlara hem okuwçylar işjeň gatnaşdylar. Sagdyn durmuş ýörelgesi
baradaky düşünjäni ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek işleri olaryň arasynda
sorag-jogap alyşmak we döredijilik bäslekleri bilen dowam etdi. Bilim işgärleriniň
ýolbaşçylygynda mekdep okuwçylary öz çeken suratlarynda adatdan daşary
ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, saglygy gorap saklamaklygyň
esasy ugurlaryny beýan etdiler. Bu çärä nesilleriň dünýägaraýşyny giňeltmekde we
olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Ýakutjan Ýoldaşowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň
Kerki etrabyndaky wekili.