BIZE YAZYARLAR

Täsin küştdepdi

Türkmenleriň iň gadymy we janly halk tanslarynyň biri bolan “Küştdepdi” toýlarda ýa-da başga şüweleňlerde uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Ritmiki sazyň, sözleriň we hereketleriň goşulyşmagy netijesinde emele gelen bu eser häzirki wagtda hem sahnalarda , hem-de halk arasynda uly söýgiden peýdalanýar.
Küştdepdiniň taryhy ösüş ýoly barada dünýäýüzünde meşhur bolşy barada aýdylanda, gürrüň edilende 1980-nji ýylda Polşanyň Zakopane şäherinde geçirilen Bütindünýä folklor festiwalynda küştdepdi tansyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň “Sumbar nagmalary” folklor-etnografiýa topary iň ýokary Gran Pri baýragyna eýe bolupdy. Bu festiwalda eminler ýaşy 70-den geçen Geldi Garaýew hem-de Oguldursyn Annaberdiýewanyň ýarym sagatdan gowrak küştdepdi aýdyşyna geň görmek bilen syn etdiler. Edil şol döwürlerde Ýewropada bu täsin tansa, sungata gyzyklanma döredi. 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen aýdym aýtmagyň we tans etmegiň küstdepdi milli sungaty naýbaşy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda esasdyr. Küştdepdi häzir esasan Balkan welaýatynyň çäklerinde has hem söýlip ýerine ýetirýär. Küştdepdiniň sözlerini düzýänlere ýörite “Gazalçylar” diýlip aýdylýar.
Küşdepdi diňe bir sungat eseri däl, eýsem, ýaşlary myzy terbiýelemekde örän täsirli terbiýeçilik mekdebidir. Onuň sözleride, sazyda, tansyda – özboluşly terbiýe. Küştdepdiniň gazaly hem milli aýdym-saz sungatymyzyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Sungatyň bu görnüşi günsaýyn ösýär. Gazalyň sözlerinde bolsa üýtgeşik ruhy güýç, ýakym bar.

Awazanyň alkymy
Joşgunlydyr tolkuny
Bütin dünýä ýaň salýar
Watanymyzyň ýalkymy

Ýaşasyn Prezidentim
Dostluk ýoluny açdy
Bagtyýarlyk zamanda
Göwün ganatlap uçdy

Watanyma, Watanym
Watanym janym- tenim
Asyr-asyr arzuwlap
Arkadaga ýetenim.

BAÝRAMOWA Şeker,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.