JEMGYÝET

Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze sergi açyldy

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi TDP-niň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli «Daşky gurşawyň abadançylygy — dünýäniň abatlygy» atly sergi gurady.

Onuň açylyş dabarasyna Lebap welaýat Daşky gurşawy goramak müdirliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň işgärleri, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk we Lebap welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Sergide Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopediýasy kitaplary goýuldy. Şonuň ýaly-da, haýwan gäpleri, ösümlik gerbarileri, tebigat dünýäsini görkezýän pannolar, mineral daşlar, otag we meýdan gülleri hem gelenleriň ünsüni çekýär. Şeýlede, suratkeşler A.Işankulyýewiň, M.Baltaýewiň, A.Aliýewiň, A.Rozyýewiň döreden Köýtendagy, Amyderýany, çölleriň gözel ýerlerini wasp edýän eserleri bu ýere gelenlerde özboluşly täsir galdyrdy.   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: