Taryhda atalyk mekdepler
Türkmen halky gadym döwürde-de ylyma-bilime uly sarpa goýupdyr. Öz çagalaryny ýörtie mollalara beripdirler, metjitdir-medreselerde okadypdyrlar. Okatmaklygyň, mekdepleriň taryhda yz goýan ýene-de bir görnüşi bu Atalyk mekdepleridir. Atalyk mekdepleri köşklerde, patyşalaryň howandarlygynda, golastynda döredilipdir. Atalyk mekdeplerde çagalaryň bilim alyşyna ýörite patyşanyň özi gözegçilik edipdir.Işine ýörite bellenen baş atabeg-wezir gözegçilik edipdir we hut patyşanyň özüne yzygiderli hasabat beripdir.
Çagalara bilim-terbiýe berýän terbiýeçilere ýa-da mugallymlara atalar, atalyklar, atabegler diýip atlandyrypdyrlar. Olar ukyply türkmen ýaşlaryndan ýörite taýýarlanypdyrlar. Atalyk mekdeplerinde dünýä dilleri we edebiýaty, sözleýiş sungatynyň ussatlygy, taryh, geografiýa, astrologiýa, astronomiýa, geometriýa, arifmetika ýaly ylymlaryň esaslary, söweş we serkerdelik tilsimatlary öwredilipdir. Atabeglerden talap diýseň güýçli bolupdyr. Olar öz terbiýeleýän şägirdini ähli ugurlardan we ähli babatda kämil derejede we durmuşa taýýar edip ýetişdirmeli bolupdyr. Bu işde hatda ownuk säwlikleriň we kemçilikleriň bolmazlygy kanuny hasaplanypdyr. Atalyk mekdeplerini tamamlaýan ýetginjegi patyşanyň wekilinden, danyşmentlerden, batyrlardan we çaganyň hossarlaryndan ybarat bolan topar ýörite synagdan geçiripdir. Şonuň üçin hem türkmen atabegleriniň terbiýesini alan ýaşlar dünýäniň ähli künjeklerinde dünýägaraýyşlarynyň giňligi, sowatlylygy, beden taýdan sagdynlygy, serkerdelik başarnygynyň artykmaçlygy bilen parhlanypdyr.
Türkmenleriň atalyk mekdepleri taryhda Gündogarda, Günbatarda hem meşhurlyk gazanypdyr. Munuň şeýledigine bolsa arap döwletleriniň, Wizantiýa, Hytaý, Hindistan kimin ýurtlaryň patyşalarydyr hanlarynyň bilim we tälim aldyrmak üçin öz çagalaryny türkmen ülkesine ibermekleri güwä geçýär.
Gülzar NARMAMEDOWA,
Çärjew etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy