- ESASY HABARLAR, Ýörite sungat mekdebi

Taryh we geografiýa hepdeligi geçirildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdepde taryh we geografiýa hepdeligi geçirildi.

Ol Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyna bagyşlandy. Hepdeligiň dowamynda okuwçylar mugallymlaryň ýolbaşçylygynda dürli tematiki çäreleri guradylar. Ol «Bitarap döwletleriň ýyl ýazgysy» diýen temadan taýýarlanan işleriň bäsleşiginden başlandy. Soňra «Lebap welaýatynyň ýadygärlikleri» diýen temadan açyk çäre geçirildi. Onda okuwçylar we mekdebiň myhmanlary sebitiň taryhy  ýerlerine gaýybana gezelenç etdiler we köp gyzykly zatlary öwrendiler. «Dünýä halklarynyň tanslary» atly açyk çärede okuwçylar dürli halkaryň tanslarynyň aýratynlyklary barada gürrüň bermek bilen bir hatarda olary ýerine hem ýetirdiler. Ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen geografiki diktant bolsa olaryň bilimleriniň özboluşly barlagy boldy. Ol okuwçylaryň Türkmenistanyň geografiýasyny bilişleriniň derejesini ýüze çykardy.

Hepdeligi guranlaryň aýtmaklaryna görä, şeýle çäreler geçilen materiallary gowy özleşdirmäge we berkitmäge ýardam edýär, okuwçylary bilimleriniň üstüni täze materiallar bilen doldurmaga höweslendirýär, şonuň ýaly-da olaryň watançylyk duýgularyny berkidýär.

Mekdepde ýylyň dowamynda ähli dersler boýunça tematiki hepdelikler geçirilýär.