BILIM

Taryh boýunça lebaply okuwçylar döwlet tapgyrynda üstünlik gazandy

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda taryh dersi boýunça lebaply okuwçylar üstünlik gazandy.
11-nji synp boýunça Saýat etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň okuwçysy Kakajan Şöhradow döwlet tapgyrynda birinji orny eýeledi. Şeýle hem Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Döwran Rozyýew we Saýat etrabynyň 34-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nurana Batyrowa döwlet tapgyrynda ikinji orunlary gazandylar. 12-nji synp boýunça Farap etrabynyň 15-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Zumrat Atajanowa döwlet tapgyrynda ikinji orny, Saýat etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň okuwçysy Myrat Meretgulyýew döwlet tapgyrynda üçünji orny eýeledi.