Şu günler Lebap welaýatynyň çagalar bakja-baglarynda çagalaryň tomusky taplama möwsümi dowam edýär. Bu işe welaýatymyzyň çägindäki mekdebe çenli terbiýeçilik edaralarynyň ählisi işjeňlik bilen gatnaşýar.
Taplama çäresini geçirmegiň maksady çagalaryň saglygyny goramakdyr. Çagalary dogry taplamak lukmanyň we şepagat uýasynyň maslahaty esasynda alnyp barylýar. Tomus aýlary çagalar howa wannalarynda suwda taplanýar. Howa wannalaryna suwa girilen wagty çagalar ýeňil eşikde bolmaly. Güne taplamak irki gezelençde amal edilmeli. Şol pursatda şepagat uýasynyň çagalaryň ýanynda bolmagy zerurdyr. Gün wannasy alnan wagty çäge, sagat, düşekçeler, kölege üçin saýawan bolmalydyr. Howanyň temperaturasy ýokary bolanda Gün wannasyny kabul etmek maslahat berilmeýär.
Tomus paslynda çagalaryň bedenini taplamak bäş möwsümden ybaratdyr. Bu çäreler hepdäniň hemme günleri dowam edýär. Şunuň ýaly işleriň geçirilmegi körpeleriň şadyýan we sagdyn bolmagyna uly ýardam edýär.
Gülälek HANALYÝEWA,
Halaç etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.