Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komieti tarpyndan diňe bir oba hojalykçylar däl, eýsem, bilim işgärleridir okuwçylar bilen hem dürli çäreler geçirilýär. Ýakynda welaýatyň ker we çala eşidýän we soň ker bolan çagalar üçin ýöriteleşdirilen mekdep-internatynda geçiren bäsleşigimiz muny tassyklaýar. «Men Watanyma buýsanýaryn» diýen at bilen geçirilen surat bäsleşigine mekdep- internatynyň okuwçylary işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşigiň dowamynda ýerine ýetirilen çeperçilik eserleriniň özboluşly sergisi hem guraldy. Täsirli sergi zehinli çagalaryň eziz Watanymyza bolan söýgüsini ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça öňdäki orunlary eýelän çagalara gymmat bahaly sowgatlardyr Hormat hatlary gowşuryldy. Beýleki çagalar hem höweslendiriji sowgatlaryň eýesi boldular.
TAP-yň Türkmenabat şäher komiteti çagalaryň arasynda surat bäsleşigini geçirdi
25
Sep
