Tans toparymyz abraýly bäsleşige gatnaşdy
Ýakynda Seýitnazar seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly çagalaryň arasyndaky aýdym-sazly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa Çärjew etrabynyň orta mekdeplerinde bilim alýan zehinli çagalar hem gatnaşdylar.
Etrabyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçylary bäsleşige taýýarlyk görülýän we onuň geçirilýän döwründe ähli işleriň jümmüşinde boldular. Bäsleşikde döredijilik öýümize agza bolup durýan çagalardan ybarat «Aýlar» tans toparynyň hem üstünlikli çykyş etmegi ählimizi begendirdi. Tasn toparymyzyň çykyşy bäsleşigiň tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen kabul edildi we bu çykyş eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Bagtyýar çagalaryň ajaýyp döwrümizi belent owazlar bilen wasp eden bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri ýakyn günlerde belli bolar. Hünär öwredýän çagalarymyzyň şeýle abraýly bäsleşiklere gatnaşmagy we olarda üstünlikli çykyş etmegi biziň başymyzy göge ýetirýär. Häzirki günlerde bolsa döredijilik öýümiziň gurnak ýolbaşçylary öz agzalary bilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görýärler.
Şazada JUMAKULYÝEWA,
Çärjew etrabynyň Çagalar we ýetginjekler
döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.