BILIM

Talyplyga höwes bildirýän ýaşlar Mugallymçylyk instituty bilen tanyşdylar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Açyk gapylar” güni geçirildi. Çärä umumybilim berýän edaralaryň okuwçylary, dürli edara-kärhanalarda we guramalarda zähmet çekýän ýaşlar, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän ýaşlar gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara institutda hereket edýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik we medeni-köpçülik işleri barada maglumat berildi. Şeýle hem ýaşlar institutyň häzirki wagtdaky hem-de täze ulanylmaga beriljek binalar toplumynda okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler bilen tanyşdyryldy.