Talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi dowam edýär
Täze okuw ýylyndan başlap, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýaşlara berilýän hünäriň sany 19-a çykar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, täze okuw ýylyndan olaryň hataryna defektologiýa hünäri hem giriziler.
Baýry ýokary okuw mekdebinde talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümine guramaçylykly girişildi. Bu ýerde ýurduň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden şu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň resminamalaryny çalt we bökdençsiz tabşyrmaga mümkinçilik döredilýär.
Welaýatda ýerleşýän lukmançylyk, maliýe-ykdysady, tehniki, agrosenagat, derýaçylyk orta hünär okuw mekdeplerinde-de talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek talabalaýyk ýola goýuldy. Şunlukda wajyp möwsüm üstünlikli jemleniler.