JEMGYÝET

Talyplaryň we aspirantlaryň otuz üçüsi bütin bir aý «Ýüzýän uniwersitetde» bolarlar

Bir aýlap ýüzýän uniwersitete öwrüljek «Akademik Ioffe»-de geçiriljek ekspedisiýa gatnaşmak isleýänleriň sany gämidäki orunlardan has köpdi. Bu barada «Российская газета» ýazýar. Bäsleşik esasynda saýlanylyp alnan otuz üç talyp we aspirant 18 halypanyň — ýaş alymlaryň we mugallymlaryň — ýolbaşçylygynda ölçeg geçirerler, synaglary goýarlar we barlag alyp bararlar. Işleriň hemmesiniň düýpli we praktiki ähmiýetli bolar. «Ýüzýän uniwersitet» maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän toplumlaýyn ylmy-okuw ekspedisiýasy Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň hem-de Moskwanyň fizika-tehnologiýa institutynyň maksatlaýyn kapital gaznasynyň goldamagynda Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň okeanologiýa Institutynyň we Moskwanyň fizika-tehnologiýa institutynyň bilelikde guramagynda guralýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: